Awstriýanyň paýtagtynda däp boluň gelýän Täze ýyl ýarmarkasy açyldy, geçen ýyl ol koronawirus pandemiýasy sebäpli dar çäkden geçirilipdi diýip, «MIR 24» habar berýär.
Hut häzirki günler Wena bütin dünýäden myhmanlar gelýär, şäheriň baş edarasynyň öňündäki Roždestwo arçasynyň yşyklaryny şäheriň meri dabaraly ýagdaýda ýakdy. Bu gezek baş meýdançada ýaşy 130 ýyla deň bolan 28 metrlik arça dikildi, her ýyl noýabryň ortalaryndan başlap, şäheriň iň gözel meýdançalary ertekilerdäki ýaly roždestwo obajyklaryna dönýär. Olary ýaňyja bişirilen çörekdir çörek önümleriniň we gyzgynjak punş içgisiniň ysy gaplap alýar.
«Bu ýarmarkalar adamlarda roždestwo ruhuny döredýär. Heniz noýabr, emma serediň, baýramçylyk eýýäm başlandy! Dek düýnem adaty tukat güýz günüdi, men bolsa bu gün roždestwo aýdymlaryny diňlemek bagtyna eýe boldum» diýip, ýarmarka gelenleriň biri şatlygyny paýlaşýar.
Bu ýyl ýerli häkimiýetler elektrik toguny tygşytlamak kararyna geldiler we ähli yşyklandyryş üçin yşykdiod çyralaryny ulandylar.
