Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ýüpek ýoly» awtorallisi 2023-nji ýylda Kazan – Mowka aralygynda geçiriler

13:0416.11.2022
0
16799

«Ýüpek ýoly» awtorallisi 2023-nji ýylda Kazan şäherinde badalga alyp, Moskwada tamamlanar.

Ýewraziýadaky iň uly ralli ýaryşlarynyp biri bolan bu bäsleşik 2023-nji ýylyň 6-13-nji iýuly aralygynda Russiýa Federasiýasynyň üç sagat guşaklygynda ýerleşýän 13 subýektiniň çäginden geçer. Olaryň arasynda ýaryşyň öňki ýyllardaky ýol kartasyna girmedik Orenburg, Samara, Saratow sebitleri, şeýle-de Çelýabinsk oblastynyň Magnitogorsk şäheri bar.

Dolandyryş we tehniki barlaglar 5-6-njy iýulda Kazanda geçiriler, şondan soň gatnaşyjylar Müňýyllygyň meýdançasyndaky baş münberden geçerler. Soňra Tatarstanyň we Başkortostanyň üsti bilen kerwen Günorta Uralyň gündogar eňňidinde Magnitogorsk şäherine baryp ýeter. Uraldan ugralandan soň sürüjiler Orenburg, Samara we Saratow sebitleriniň sähralaryny we tekiz ýollaryny ýokary tizlikde geçmäge çalşarlar. Iň soňky synag Wolgograd sebitiniň Arçedinsk-Don çägeleri, şeýle hem Lipetsk we Tula sebitleriniň ýolsuz ýerleri bolar. Gatnaşyjylar pellehanany Moskwada kesip geçerler.

Umuman alanyňda, ýaryşyň dowamlylygy 10 gün bolar, bu döwürde gatnaşyjylar 5230 kilometri geçmeli bolarlar. Umumy ýoluň 2350 kilometri ýokary tizlikli ýörite tapgyrlar bolar.

Ralli ýaryşynda ähli görnüşdäki tehnikalarda gatnaşmaga şert dörediler. Ýagny sürüjiler motosikllerde, kwadrosikllerde, ýolsaýlamazlada hem-de ýük awtoulaglarynda ralli ýaryşynda başarnyklaryny synap bilerler.

2023-nji ýylda geçiriljek «Ýüpek ýoly» ralli ýaryşynyň meýilnamasy

  • 15-nji fewralda — Gatnaşmak üçin arzalar kabul edilip başlanýar
  • 1-nji iýunda — Gatnaşmak üçin arzalary kabul etmeklik tamamlanýar
  • 5-6-njy iýulda — Dolandyryş we tehniki barlaglar (Kazan, Tatarstan)
  • 6-njy iýulda — Kazan şäherinde açylyş dabarasy
  • 6-15-nji iýulda — Russiýanyň çäginde geçiriljek 9 tapgyr
  • 15-nji iýulda — Moskwa şäherinde ýapylyş dabarasy

Ýeri gelende ýatlatsak, 2022-nji ýylda geçirilen «Ýüpek ýoly» awtorallisinde türkmenistanly sürüjiler T2 ýolsaýlamazlaryň arasyndaky 1000 kilometrden ýokary ugur boýunça hormat münberiniň ählisini eýelemegi başarypdylar. Ýaryşda umumylykda 48 sagat 47 minut 25 sekunt wagt görkezen Merdan Toýlyýew (sürüji) bilen Şöhrat Toýlyýewiň (şturman) ekipažy altyn medala mynasyp bolupdy. Liderden 7 minut 47 sekunt wagt köp sarp eden Şamyrat Gurbanow (sürüji) bilen Muhammetmyrat Gurbanowyň (şturman) ekipažy ikinji orny eýeläpdi. Üçünji ýer bolsa Maksatmyrat Daşatarow (sürüji) bilen Didar Orzamedowyň (şturman) ekipažyna nesip edipdi. 2022-nji ýyldaky «Ýüpek ýoly» awtorallisi Astrahanda badalga alyp, Moskwada tamamlanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň