Hindistanda sekiz ýaşly oglanjyk zäherli kepjebaş bilen ýüzbe-ýüz galdy, ýylan ony «gury çakma» diýilýän görnüşde, ýagny zähersiz çakdy, emma çaga şeýlebir güýçli dişledi welin, kepjebaş dessine öldi diýip, «Live Science» neşiri habar berdi.
Waka ýurduň Çharrisgarh ştatynyň Jagpur etrabyndaky obalaryň birinde boldy. Dipak atly oglanjyk öýleriniň ýanynda oýnap ýördi, şol ýerde-de oňa kepjebaş sataşdy, ýylan onuň daşyna çolandy we ony çakdy.
Çaga ýylanyň halkasyndan sypyp bilmedi we ony iki gezek dişledi.
Wakany gören ene-atasy oglanjygy golaýdaky hassahana äkitdiler, ol ýerde çaga zähere garşy sanjym edildi, barlag netijesinde kepjebaşyň çagany zähersiz çakandygy anyklandy.
Öň Türkiýede iki ýaşly gyzjagaz dişleri bilen ýapyşyp, özüne hüjüm eden ýylany öldürdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Surat: sea.mashable.com
