Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbek artistleri Daşoguzda ebedi söýgi hakda liriki drama görkezerler

13:0615.11.2022
0
24425

16-njy noýabrda Daşoguzda açylan Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň çäklerinde Horezm sebit aýdym-saz drama teatrynyň sungat işgärleri tarapyndan taýýarlanan «Kaýs» pýesasy görkeziler.

Otabek Ýakubowyň režisýorlygyndaky spektakl Alşir Nowaýynyň 1484-nji ýylda köne özbek dilinde ýazylan «Leýli — Mežnun» eseri esasynda taýýarlandy. Festiwalyň çäginde görkeziljek bu spektaklyň saýlanylmagy tötänleýin däldir — «Leýli — Mežnun» bütin dünýäde tomaşaçylary tolgundyrýan iň bir täsirli eserleriň biridir.

VII asyryň söýgi kyssasy bolan eserde Hikmat Matýakubow (Kaýs — Mežnun), Kamilbaý Täjibaýew (Mehdi, Mežnunyň kakasy), Muhaýo Zaripowa (Leýli), Guloro Rahimowa (Mežnunyň ejesi) ýaly artistler çykyş ederler. Spektaklda ajaýyp liriki goşgular we aýdymlar ýerine ýetiriler.

Şu ýyl Horezm sebit aýdym-saz drama teatry ýüz ýyllygyny belläp geçdi. Teatryň 1922-nji ýylyň 22-nji aprelinde Horezmiň paýtagty bolan Hywa şäherinde döredilendigi bellärliklidir.

«Kaýs» pýesasy 16-njy noýabrda Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň