Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Ärdogana gynanç bildirdi

13:0214.11.2022
0
20086

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana gynanç hatlaryny iberdiler.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, hatlarda Türkiýäniň Stambul şäheriniň merkezinde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we köp sanly şikes ýetmelerine getirendigi baradaky gynançly habaryň Türkmenistanda duýgudaşlyk bilen kabul edilendigi aýdylýar hem-de Prezident Rejep Taýyp Ärdogana we Türkiýäniň doganlyk halkyna çuňňur gynanç bildirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň, Hökümetiniň we Milli Geňeşiniň adyndan, şeýle-de hut öz atlaryndan, şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynançlaryny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň