Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça Strategiýa tassyklanyldy

21:3213.11.2022
0
29577

Ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň