Ozal habar berşimiz ýaly, 11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkand şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti geçiriler. Guramanyň Sekretariatynyň beren resmi maglumatyna görä, TDG-niň Samarkand sammitinde ýokary derejeli türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy hökmünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşar.
Şeýle-de Samarkand sammitine Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban hem-de TDG-niň Baş sekretary Bagdat Amreýew gatnaşar.
Sammitiň dowamynda Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy bolan ýurtlaryň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça derwaýys wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar hem-de möhüm ylalaşyklaryň birnäçesine gol çekiler. Olaryň hatarynda sammitiň netijeleri boýunça Samarkand Jarnamasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk boýunça käbir resminamalar kabul ediler.
Türkiýäniň daşary işler ministri Меwlüt Çawuşoglunyň mälim etmegine görä, sammitde Türkmenistanyň bu guramanyň agzasy bolmagyna garaşylýar.
Sammitiň ahyrynda guramanyň başlyklygy Özbegistandan Türkiýe Respublikasyna geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, mundan ozal Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda TDG-niň Samarkand sammitiniň gün tertibine girizilen meseleler boýunça pikir alşylandygyny habar beripdik.
