Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Üzüm» kafesi we «Dynamika» fitnes kluby bir gezeklik 10% arzanladyş petegini hödürleýär

10:0208.11.2022
0
20144

Aşgabatdaky «Üzüm» kafesi we «Dynamika» fitnes kluby müşderilere 10% arzanladyş hödürlemek bilen bagly bilelikdäki aksiýany yglan edýärler.

«Üzüm» kafesine barýan müşderilere onuň islegine görä «Dynamika» fitnes klubunda türgenleşmek üçin bir gezeklik 10% arzanladyş petegi berilýär. Edil şonuň ýaly-da, «Dynamika» fitnes klubunda türgenleşmek bilen, «Üzüm» kafesine 10% arzanladyş almak bolýar.

Kafede naharlanmak ýa-da fitnes klubda türgenleşmek üçin berilýän petegi diňe bir gezeklik peýdalanyp bolýandyr. Sebäbi bu ýerlerde petek bilen gelen müşderileriň ähli maglumatlary saklanyp goýulýar.

«Üzüm» kafesi Aşgabat şäherinde özboluşly taýýarlanylýan, tagamly hem-de beýleki kafeleriň tagamlaryndan üýtgeşik bolan menýusy we datly naharlary bilen bellidir. Bu ýerde tagamly çörek önümleri we onlarça dürli görnüşli kofe we kofe içgileri müşderilere ýetirilýär.

Kafeniň ýerleşýän salgysy: Ç.Baýryýew köçesi (ozalky Mežlauk), 13-nji jaý («Ak altyn» myhmanhanasynyň ýanynda ýerleşen ozalky mebel dükanynyň ýerinde). Telefon belgileri: (+993 12) 36 05 00, (+993 65) 71 87 20.

Aşgabatdaky «Dynamika» fitnes kluby erkekler hem-de zenanlar üçin sport türgenleşikleriniň dürli hili görnüşini hödürleýär, bu ýerde fitnesden başga-da hatha-ýoga, krossfit, çagalar üçin uşu, welotrenažýorda kardiotürgenleşikler, şeýle-de tans sungatynyň esaslaryny özleşdirmek sapaklary hem bar. Fitnes klubuň iki sany zaly bolup, olaryň biri garyşyk — hem erkekler, hem zenanlar üçin, beýlekisi bolsa diňe zenanlar üçin niýetlenendir. Fitnes klub Gurtly kiçi etrapçasynyň 21-nji hem-de 31-nji jaýlarynda ýerleşýär. Telefon belgileri: (+993 12) 97 37 03; (+993 63) 84 71 16; (+993 65) 80 74 64.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň