Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly mekdep okuwçylary 2023-2024-nji okuw ýylyndan başlap FLEX maksatnamasyna gatnaşyp bilerler

18:4606.11.2022
1
55161

Türkmenistanly ýokary synp mekdep okuwçylary 2023-2024-nji okuw ýylyndan başlap FLEX okuw maksatnamasyna gatnaşyp bilerler. Bu barada ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Donald Lu Aşgabatda žurnalistler bilen bolan duşuşygyndan mälim etdi.

«Biz şu hepde Türkmenistanyň Hökümetinden FLEX okuw maksatnamasyna dalaşgärleri saýlap almagy gaýtadan ýola goýmaga razylyk berlendigi bilen bagly hoş habary aldyk» diýip, Lu belleýär.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisiniň aýtmagyna görä, bu okuw maksatnamasyna häzire çenli türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň 920-si gatnaşyp, onuň çäklerinde bir ýylyň dowamynda amerikan mekdeplerinde ýokary synplarynda okamaga mümkinçilik aldylar. Ol şeýle-de, okuw maksatnamasynyň Covid-19 global pandemiýasy sebäpli wagtlaýyn togtadylandygyny belläp geçdi.

«Biz Türkmenistanyň Hökümeti bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzdan örän hoşal. Biz häzir degişli okuw maksatnamasyna dalaşgärleri seçip almagy geljek okuw ýylynda täzeden ýola goýarys» diýip, Donald Lu sözüniň üstüni ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň