Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýaş diplomatlar üçin okuw geçirýär

20:1503.11.2022
0
29699
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýaş diplomatlar üçin okuw geçirýär
Surat: mfa.gov.tm

1 — 10-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurduň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet işgärleri üçin okuw geçirilýär.

Bu okuw, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň Edarasy we BMG-niň Sekretariatynyň Syýasy we parahatçylyk dörediji işler boýunça bölümi (DPPA) bilen bilelikde guraldy. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Bu çäräniň maksady, BMG-niň ulgamynyň işleri barada habardarlygy ýokarlandyrmak we halkara gatnaşyklary pudagynda hünär endiklerini ösdürmek.

Bu okuwa Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň 20 sany ýaş wekili gatnaşýar.

Okuwyň iňlis dilinde Türkmenistana ýörite gelen halkara hünärmenleri tarapyndan geçirilýändigini bellemelidir. Mundan başga-da, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň Edarasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň we BMG ulgamynyň Türkmenistandaky beýleki agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri ýaşlaryň öňünde leksiýalar bilen çykyş edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň