Indoneziýadan bolan 61 ýaşly daýhan 88-nji gezek öýlendi diýip, «NDTV» teleýaýlymy habar berdi. Ol bu gezek öň maşgala gurup aýrylyşan zenanyna öýlendi.
Ýerli habar beriş serişdeleri Kaan atly erkegiň toýlarynyň sany boýunça ozdurandygyny ýazsa, 61 ýaşly öýlenýän «ýigit» diňe bagtyny tapmak isleýändigini gürrüň berýär. Ol munuň üçin synanyşyklarynyň sany hakynda oýlanmaýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Kaan öňki aýalyna öýlenýändiginiň sebäbini öz aralaryndaky söýgi duýgusynyň ýyllar geçse-de öçmändigi bilen düşündirýär.
Ol ilkinji gezek 14 ýaşyndaka özünden iki ýaş uly gyza öýlenendigini ýatlaýar. Erkek kişiniň näçe çagasynyň bardygy habar berilmeýär. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.

