Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly kärdeşine türkmen tumaryny sowgat berdi

11:0002.11.2022
0
22229
Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly kärdeşine türkmen tumaryny sowgat berdi
Surat: tdh.gov.tm

Moskwada resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygynyň barşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy ýadygärlik sowgatlaryny alyşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly kärdeşi Walentina Matwiýenko türkmen zenanlarynyň däp bolan şaý-sepleriniň birini — tumary sowgat berdi.

Bellenilişi ýaly, bezegden başga-da, tumar gözden-dilden goramak wezipesini hem ýerine ýetirýär. Ol tumary dakynanlara rowaçlyk getirýär. Şaý-sepleriň bu görnüşi türkmen zergärleri tarapyndan altyn çaýylan kümüşden taýýarlanylýar hem-de hakyk we pöwrize daşy bilen bezelýär.

Russiýa Federasiýasynyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy ajaýyp sowgat üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa şekillendiriş sungatynyň eserini — Russiýada güýz paslyny, ýylyň şu döwründe rus tebigatynyň özgerişini alamatlandyrýan täsin suraty sowgat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň