Top.Mail.Ru

Gökdiräniň ululygyndaky asteroid şu gün Ýeriň golaýyndan geçer

17:0001.11.2022
0
15443
Gökdiräniň ululygyndaky asteroid şu gün Ýeriň golaýyndan geçer
Surat: potokmedia.ru

Astronomlar ýokary derejeli howply asman jisimini açdylar we oňa «2022 RM4» diýip at berdiler. Ol Ýere tarap uçup gelýär hem-de şu gün — 1-nji noýabrda Zemine has golaý geler diýip, «Live Science» neşiriniň habar berendigini «MIR 24» ýazýar.

Asteroidiň göwrümi 330-750 metre deň we ol Dubaýyň meşhur Burj-Halyfa gökdiräninden biraz kiçiräkdir. Ol Ýeriň golaýyndan sesiň tizliginden 68 esse ýokary bolan, ýagny 84500 km/sag tizlikde geçip gider.

Hasaplamalar 2022 RM4 asman jisiminiň Ýerden 2,3 million kilometr aralykdan geçjekdigini görkezdi. Älem ölçegleri boýunça bu sähelçe menzildir. Emma ol Ýer bilen Aýyň aralygyndan alty esse artykdyr, şonuň üçin ol biziň planetamyz üçin hiç hili howp döretmeýär.

Amerikanyň NASA kosmos wekilhanasy Ýeriň radiusundan 7,5 million kilometrlikde ýerleşýän islendik iri jisimi aňrybaş derejeli howply hasaplaýar. Şeýle jisimler hemişelik gözegçilikde saklanýar.

Alymlar biziň planetamyz bilen çaknyşmak ähtimallygyny bahalandyrmak üçin olaryň hereketindäki islendik üýtgeşmeleri yzarlaýarlar.

Häzirki wagtda Ýerden uzakda bolmadyk şeýle asteroidleriň 28 müňüsi yzarlanýar, munuň üçin 2017-nji ýylda Ýer bilen çaknyşmak barada duýduryjy ulgam (ATLAS) äleme uçuryldy, ol her 24 sagatdan gijeki asmanyň doly skanirlenmesini amala aşyrýar.

Ulgamyň kömegi bilen öň belli bolmadyk ýertöweregi asteroidleriň 700-si hasaba alyndy, olaryň ikisi, hakykatdan hem, Ýere gaçdy, emma hiç hili heläkçilik döretmedi. Olaryň biri Puerto-Rikonyň günorta kenarýakalaryna, beýlekisi Botswananyň serhetýakasyna gaçdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň