Ýakynda Kazan federal uniwersiteti tarapyndan geçirilen ylmy maslahat «Medeniýetleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň baglanyşygynda sungat hem çeperçilik bilimi» diýlip atlandyryldy. Halkara maslahatyň 11 bölümçe arkaly dowam etdirilmegi onuň giň gerime eýe bolandygyndan habar berýär.
«Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, maslahata Russiýadan, Hytaýdan, Türkmenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Ermenistandan aspirantlar, mugallymlar, ylmy işgärler gatnaşdylar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň tejribeli mugallymlary öz täsirli çykyşlary bilen çärä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdiler. Sazyň taryhy kafedrasynyň müdiri B.Ýakubowa «Zöhre-Tahyr» dessany we onuň häzirki zaman beýan edilişi», şol kafedranyň uly mugallymlary, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty A.Açylow «Türkmen kompozitorlarynyň fortepiano eserlerinde halk gözbaşlary», T.Litwina «Çary Nurymowyň on bir saz gural ansambly üçin «Teke nagyşlarynyň» saz dilinde milli gözbaşlar», R.Muhammedow «Hüwdi aýdymlary we olaryň sazly folklorda eýeleýän orny», şeýle hem konserwatoriýanyň aspiranty L.Hudaýberdiýewa we sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty J.Gurbanowa bilelikde «Ahal mekdebiniň dutarçylarynyň ýerine ýetirijilik däpleriniň deňeşdirilip öwrenilişi» atly ylmy temalar boýunça çykyş etdiler.
