Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«PETRONAS Çarigali» Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

15:5527.10.2022
0
17032

«PETRONAS Çarigali» kompaniýasynyň hünärmenleri şu günler Hazaryň türkmen kenaryndaky 1-nji blokda ýerleşýän känden gaz we nebit kondensatyny çykarýarlar. Bu barada «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hökümet bilen aragatnaşyk bölüminiň başlygy Albert Mehtiýew «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda aýtdy.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy ― 2022» halkara sergisine we maslahatyna gatnaşýan myhmanyň nygtaýy ýaly, kompaniýa Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna esasy maýa goýujylaryň biri bolup durýar.

«Biziň Türkmenistanyň Hökümeti bilen Önümi paýlaşmak hakynda Şertnamamyz 1996-njy ýylda baglaşyldy. Geçen 25 ýyldan gowrak wagtdan bäri kompaniýamyz Hazaryň türkmen kenarynda üstünlikli iş alyp barmak bilen, iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesini durmuşa geçirdi. Häzirki wagtda-da 1-nji blokda ýerleşýän känden gaz we nebit kondensaty çykarylýar» diýip, myhman gazetiň habarçysyna gürrüň berdi.

Kompaniýa «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan her ýylda guralýan nebitgaz forumlarynyň ählisine diýen ýaly işjeň gatnaşyp gelýär. Pandemiýa bilen bagly ýagdaýlaryň gowşan şertlerinde geçirilýän häzirki forumyň wekilçilikli derejesi aýratyn nygtalmaga mynasyp.

«Biz ýörite uçar gatnawyny gurnap, daşary ýurtly myhmanlaryň Aşgabada gelmegi üçin ähli zerur şertleri döreden Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris» diýip, myhman hoşallyk bildirdi.

Türkmen topragynda, şol sanda «PETRONAS Çarigali» kompaniýasynyň Hazaryň kenarynda iş alyp barýan böleginde uglewodorod serişdeleriniň ummasyz gorlary bar. Bu bolsa kompaniýanyň maýa goýumlarynyň uzak möhletleýinliginiň we ygtybarlylygynyň kepili bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň