BOMCA maksatnamasy 2022-nji ýylda Türkmenistanda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi

15:2121.10.2022
0
14579

Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamanyň (BOMCA 10) Milli Dolandyryş Toparynyň çäreleriniň birinji tapgyry geçirildi. 18-19-njy oktýabr aralygynda geçirilen duşuşykda ýyllyk Maksatnamanyň ýerine ýetirilişiniň barşyna seredildi we indiki döwür üçin edilmeli işler kesgitlenildi.

Çäreleriň birinji tapgyrynyň dowamynda BOMCA 10-yň ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri we ýerine ýetiriji hyzmatdaşlar hökümet edaralarydyr halkara guramalar ýaly esasy hyzmatdaşlar bilen duşuşdylar.

Açylyş dabarasynda taslamanyň utgaşdyryjysynyň orunbasary jenap Wladimir Zaguzows diňe bir eýýäm durmuşa geçirilýän çärelere baha bermek nukdaýnazaryndan däl-de, eýsem milli hyzmatdaşlar bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň binýadyny döretmekde Milli Dolandyryş Toparynyň möhüm ornuna ünsi çekdi. Şeýle hem, döredilen aragatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň mehanizmleriniň netijeliligine ýokary baha berdi.

Çäräniň ilkinji güni bilelikdäki sessiýa bagyşlandy, soňra bolsa ikitaraplaýyn tematiki geňeşmeler geçirildi. Olaryň dowamynda gyzyklanýan taraplar bilen indiki ýyl üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Mundan başga-da, BOMCA 10-yň komponentleriniň ýolbaşçylary taslamanyň 2022-nji ýyldaky netijelerine gysgaça ser salyp, indiki geçirilmeli çärelere syn berdiler.

Olar sebit we milli derejede dört tematiki ugur boýunça meýilleşdirilen 93 çäräniň 32-siniň Türkmenistanda geçirilendigini habar berdiler. Geçen ýyl Merkezi Aziýadaky serhet gullugynyň, hukuk goraýjy we derňew edaralarynyň ýolbaşçylary üçin birnäçe seminar, şol sanda gümrük bilim edaralary üçin seminarlar hem-de identifikasiýa we profil usulyýetleri boýunça gözükdirijiler üçin niýetlenen milli treningler geçirildi. Mundan başga-da, 2022-nji ýylda Maksatnamanyň işine Türkmenistanyň döwlet edaralaryndan 256-dan gowrak wekiliň gatnaşandygy habar berildi.

Milli Dolandyryş Toparynyň Türkmenistandaky duşuşygy 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa sebitinde birnäçe gözegçilik ýygnaklaryny geçirdi. Sebitleýin dolandyryş toparynyň mejlisiniň şu ýylyň 23-nji noýabryna meýilleşdirilendigini bellemelidiris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň