Kembrij uniwersitetiniň, Sorbonnanyň uniwersitetiniň we Fransiýanyň Ylmy- barlaglar boýunça milli merkeziniň alymlary Müsürdäki prawoslaw Keramatly Ýekaterina monastyrynyň orta asyr golýazmalarynyň arasyndan gadymy ýyldyzly asmanyň katalogynyň bölegini tapdylar. Bu barada «Katimerini» grek gazeti habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Hünärmenleriň sözlerine görä, kartany gadymy grek astronomy Gipparh Nikeýli düzüpdir we ol asmandaky ýyldyzlar barada öň belli bolan kataloglaryň arasynda iň gadymy bolup durýar. Ele salnan parçada Demirgazyk Täç ýyldyzlar toparynyň anyk ugurlary görkezilýär.
Golýazmanyň tapylan ýeri bolan Keramatly Ýekaterinanyň monastyry Sinaý dagynda ýerleşýär. Ol VI asyrda gurlupdyr we häzirki döwürde üznüksiz hereket edip gelýän iň gadymy hiristian monastyrydyr. Onuň kitaphanasynda 160-dan gowrak has irki golýazmalar saklanýar.