Halkara Pul Gaznasy (HPG) häzirki dowam edýän syýasy gapma-garşylyklar bilen baglylykda, 2023-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi baradaky çaklamasyny peseltdi diýip, «ru.euronews.com» saýty ýazýar.
Şeýle pikire gelinmegine hümmetsizlenme, ýokary göterim stawkalary we pandemiýanyň uzaga çeken netijeleri sebäp bolýar.
Şu hepdäniň sişenbe güni 190 sany ýurdy özüne birleşdirýän karz pul wekilhanasy geljek ýylda dünýä ykdysadyýetiniň iýulda aýdylan 2,79 göterimiň ýerine 2,7 göterim ösüş gazanjakdygy barada çaklama ýaýratdy. Emma HPG umumy dünýä ösüşi barada ýyllyk 3,2 göterim çaklamany üýtgewsiz galdyrdy, emma görkeziji şonda-da geçen ýyldaky 6 göterim ösüşden ep-esli pesdir.
2023-nji ýylda ykdysady ösüşiň haýallamagy hemmelere galtaşar: dünýä ykdysadyýetiniň üçden biri degişli bolan döwletleriň ösüşi üstümizdäki ýa-da geljek ýylda azalar. Üç iri ykdysadyýet bolan ABŞ, Hytaý we Ýewropa Bileleşigi zolagy hem boş aýlanmagyny dowam eder. Köpler üçin bolsa 2023-nji ýyl durgunlylyk döwri bolar.
HPG-niň ykdysady geňeşçisi Pýer-Oliwýe Gurinşasyň pikirine görä, Ýewrozolagyň 19 ýurdunyň ykdysadyýeti häzirki syýasy gapma-garşylyklar sebäpli emele gelen energiýa göterijilerine ýokary bahalar şertlerinde bary-ýogy 0,5 göterim ösüş görkezer.
