Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rüstam Minnihanow döwletiň Türkmenistandaky Doly ygtyýarly wekiliniň ygtyýarlyklaryny uzaltdy diýip, Kazan Kremliniň metbugat gullugy habar berýär.
Resminama laýyklykda, 2016-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Ruslan Kabirow Tatarystanyň Türkmenistandaky Doly ygtyýarly wekili wezipesine bellendi. Tatarystanyň Doly ygtyýarly wekilleri üç ýyl möhlet bilen bellenilýär.
Ondan öň Ruslan Kabirow Tatarystanyň senagat we söwda ministriniň birinji orunbasary bolup işledi (2012-nji ýylyň maý aýyndan 2016-njy ýylyň oktýabr aýyna çenli).
Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Aşgabatda 2008-nji ýyldan bäri işleýär. Tatarystan Respublikasy Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy bolan Russiýa Federasiýasynyň iň işjeň sebitlerinden biridir.
