«Köpetdagyň» futbolçysy Begenç Akmämmedow Ýokary ligada 2012-nji ýyldan bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda ilkinji 20-lige girdi.
Şu möwsümde iň netijeli futbolçylaryň sanawynda ikinji orunda barýan B.Akmämmedow Ýokary ligadaky gollarynyň sanyny 49-a çykardy. Şeýlelikde, ol ýokarda agzalan möwsümden bäri çempionatda iň köp tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji 20-ligine girdi. B.Akmämmedow 20-nji orny Amir Gurbany bilen paýlaşýar.
«Köpetdagyň» futbolçysynyň çempionatyň şu möwsüminde 12 gezek tapawutlanandygyny ýatladýarys. Iň netijeli futbolçylaryň sanawynyň başyny 13 gol bilen Didar Durdyýew çekýär. Didar Durdyýew 2012-nji ýyldan bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda hem 123 pökgi bilen dördünji orny eýeleýär. Ilkinji üçlügi jemleýän Altymyrat Annadurdyýewiň hasabynda 125 gol bar. Şu möwsümde garaşylan netijäni berip bilmeýän «Altyn asyryň» hüjümçisiniň ornuny Didar Durdyýewe gidiräýmegi hem ahmal.

