Soňky habarlar

Arhiw

Kristian Beýl iň oňat keşpleriň Di Kaprio hödürlenýändiginden nägile

16:1210.10.2022
0
13847
Kristian Beýl iň oňat keşpleriň Di Kaprio hödürlenýändiginden nägile
Surat: gazeta.ru

Meşhur aktýor Kristian Beýl özüne iň oňat keşpleriň ilki Leonardo di Kaprio ýüz öwrenden soň hödürlenýändigini boýun aldy, ol bu barada GQ neşirine beren interwýusynda aýtdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Habarçy aktýordan geçen asyryň togsanynjy ýyllarynda onuň elden gideren bäş sany ýatda galyjy keşplerinde Di Kaprionyň surata düşendigi, olaryň arasynda «Titanik» filminiň hem bardygy baradaky myş-myşlar bilen gyzyklandy.

«Golliwudda aktýorlaryň islendik gowy keşbiň ilki Leo teklip edilenden soň özlerine hödürlenýändigine düşünmegi gerek. Bu ýerde seniň nähili mylaýym, zehinli we dostana adamdygyň ähmiýeti ýok. Meniň hyzmatdaşlyk eden film goýujylarymyň ählisi-de ilkibada ol keşpleri Di Kaprio teklip edendiklerini aýdýardylar. Şonuň üçin Leo keşpleri mazaly saýlap razylyk berýändigi üçin minnetdarlyk bildirmeli» diýip, Beýl gürrüň berdi.

Emma ol kärdeşi Kaprio hiç hili nägilelik bildirmeýändigini, özüne hem oňat aktýor hökmünde muşdaklary tarapyndan hormat goýulýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň