Türkmen wekiliýeti Fransiýada saparda bolýar

11:5404.10.2022
0
12006
Türkmen wekiliýeti Fransiýada saparda bolýar
Surat: fineconomic.gov.tm

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropa Geňeşiniň wekilleri bilen «Merkezi Aziýada hukugyň hökmürowanlygy» boýunça 2020 — 2023 ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäginde ikitaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygyň gelejegini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 3-nji oktýabrda Fransiýanyň Strasburg şäherine dört günlük iş sapary bilen bardy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Ýokary kazyýetiň we Baş prokuraturanyň wekilleri bar.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň habar bermegine görä, saparyň ilkinji gününde Ýewropa Geňeşiniň Merkezi edarasynda ýygnaklar geçirildi we olarda Ýewropa Geňeşiniň agzasy bolmadyk döwletler bilen gatnaşyklar, Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen Ýewropa Geňeşiniň arasyndaky tehniki hyzmatdaşlyk we umumy hukuk giňişliginiň döredilmegine hemaýat bermek, guramanyň agzasy bolmadyk döwletler üçin goşulyşmaga açyk bolan Ýewropa Geňeşiniň Konwensiýasyna goşulmak boýunça pikir alyşmalar boldy.

Habar berlişi ýaly, saparyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýygnaklarda Merkezi Aziýada hukuk arkaly Demokratiýa üçin Ýewropa komissiýasy (Wenesiýa komissiýasy) bilen, Merkezi Aziýada hukukçylar üçin adam hukuklary çygrynda bilim boýunça Ýewropanyň maksatnamasy (HELP) bilen bagly meseleleri, Ýewropa Geňeşiniň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk boýunça, şeýle hem ykdysady jenaýatlara garşy göreşde (CA TAEC) hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň