Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Eýranyň ýük ulaglarynyň gümrük paçyna üýtgeşme girizdi

15:4501.10.2022
0
21702
Türkmenistan Eýranyň ýük ulaglarynyň gümrük paçyna üýtgeşme girizdi

Lotfabad serhet terminalynyň dolandyryjy müdiri Mohsen Rukni IRNA habarçysyna beren interwýusynda 1-nji oktýabrdan Türkmenistan Eýranyň ýük awtoulaglarynyň üstaşyr tölegine üýteşme girizýär diýip belledi.

Bellenilişi ýaly, mundan ozal, Türkmenistanyň çäginden geçmek üçin eýranly ýük daşaýjylaryň her bir kilometrine 1,5 ABŞ dollary tölenýärdi. Täze üýtgeşme bilen baglylykda, eýran tarapy hem türkmen tirkeglerine degişli üstaşyr ýeňilliklerini berer.

Rukniniň pikiriçe, türkmen tarapy bilen baglaşylan şertnama Lotfabad serhet terminaly arkaly söwda gatnawyny hasam artdyrar. Şeýlelik bilen, aýlyk statistikalara görä, ortaça 140 ýük awtoulag şol terminal arkaly Eýrandan çykýar we 135 ulag Eýranyň çägine girýär.

Lotfabad serhet gözegçilik nokady Maşadyň 300 km demirgazygynda we Aşgabadyň 110 km günortasynda ýerleşýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Tähranda geçiren duşuşygynyň dowamynda iki ýurduň çäginden geçýän awtoulag serişdelerine salynýan gümrük paçlarynyň bahalaryna üýtgeşmeleri girizmek barada ylalaşypdylar.

Täze girizilen gümrük paçyna görä, Türkmenistana girmek we onuň çäginden üstaşyr geçmek üçin bir gezeklik töleg 10 tonna çenli, 10 tonnadan 20 tonna çenli we 20 tonnadan gowrak ýük göterijisi bolan ýük awtoulaglar üçin, degişlilikde, 130, 180 we 250 ABŞ dollary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň