«Nike» kompaniýasynyň girdejileri 22 göterim azaldy

11:1701.10.2022
0
13778
«Nike» kompaniýasynyň girdejileri 22 göterim azaldy
Surat: thedailybeast.com

Sport egin-eşiklerini öndüriji «Nike» kompaniýasy 2022-2023-nji maliýe ýylynyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça sap girdejisini 22 göterim, ýagny 1,468 milliard dollara çenli azaltdy. Bu barada kompaniýanyň maliýe hasabatynda aýdylýar diýip, «Trend» ýazýar.

Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde we Latyn Amerikasy ýurtlarynda kompaniýanyň satuwdan gelen girdejisi 16 göterim, Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlarynda 17 we Demirgazyk Amerikada 13 göterim ýokarlandy. «Nike» Hytaýdaky satuwdan gelen girdejisiniň welin, 13 göterim kemelendigini habar berdi.

«Nike Inc.» amerikan kompaniýasy dünýä bazarynda sport eşiklerini, aýakgaplaryny we aksessuarlaryny öndürmek boýunça öňdebaryjylaryň biridir. Ol 1964-nji ýylda döredildi, düýp-edarasy ABŞ-nyň Oregon ştatynyň Biwerstoun şäherinde ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň