Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň 12 — 14-nji oktýabrynda geçiriljek döredijilik forumyna dünýäniň birnäçe döwletiniň wekilleri gatnaşmaga isleg bildirýärler. Halkara forumyň çäklerinde dürli görnüşli medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň meýilnamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, öňde boljak bu halkara festiwalyň ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berjekdigini belledi hem-de forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.