Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan FISU ― 2022-de ýene bir bürünç medal gazandy

16:3030.09.2022
0
17627

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Abduwali Rahimbaýew Türkiýe Respublikasynyň Samsun şäherinde geçilýän sportuň söweş görnüşleri boýunça talyplaryň (FISU) Dünýä Kubogynda grek-rim göreşi boýunça bürünç medala mynasyp boldy.

Ol 55 kilogram agram derejesindäki ýaryşyň finalyna çykmak üçin guralan duşuşygyna çenli baryp ýetdi. Jemleýji duşuşyga çykyp bilmedik talyp türgen Dünýä Kubogynyň bürünç medalyna mynasyp boldy.

Abduwaliniň bu üstünligi türkmen ýygyndysynyň sportuň söweş görnüşleri boýunça talyplaryň (FISU) Dünýä Kubogyndaky 15-nji medaly hökmünde bellige alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň