Soňky habarlar

Arhiw

«ImdatBot» ýaş programmistleri we robototehnikleri robotlaryň söweşine gatnaşmaga çagyrýar

09:5129.09.2022
0
27201
«ImdatBot» ýaş programmistleri we robototehnikleri robotlaryň söweşine gatnaşmaga çagyrýar

«ImdatBot» çagalar üçin robototehnika türkmen okuw merkezi 26-njy oktýabrda «Imdatbot Cup 2022» atly robototehnika boýunça toparlaýyn bäsleşik geçirýär.

Gatnaşmaklyk üçin 2008-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2014-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda doglan mekdep okuwçylary çagyrylýar, gatnaşyjynyň ýaşy resmileşdirilmek üçin dogluş hakynda şahadatnamanyň getirilmegi arkaly tassyklanýar, şeýle-de resminamanyň göçürmesi hem bolmalydyr. Ýaş talaplaryna gabat gelmeýän gatnaşyjylar bäsleşiklere goýberilmeýär. Deslapky resmileşdirme işleri bäsleşik başlanmazdan öň islendik günde amala aşyrylyp bilner.

Her bir gatnaşyjy üç adamdan ybarat toparyň agzasy bolýar. Birden artyk toparyň agzasy bolmak gadagandyr. Her toparda «mblock 5» programma üpjünçiligi oturdylan bir noutbuk we bir sany adaty gurluşly mBot bolmalydyr (robotyň gurluşy we aýratynlyklary barada has anyk maglumatlary bäsleşige gatnaşmak üçin bellige alnan wagtyňyzda tanşyp bilersiňiz).

Bäsleşik üç şertden ybarat (bir dolandyryş we iki awtonom), topar olary mümkin boldugyndan az wagt sarp edip ýerine ýetirmeli. Roboty programmirlemek üçin bäsleşige gatnaşyjylara 90 minut berler, şol wagtyň dowamynda olar daşyndan hiç hili kömekden peýdalanyp bilmezler.

Toparlaýyn bäsleşik 26-njy oktýarda «ImdatBot» okuw merkezinde geçiriler, merkeziň salgysy: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow köç., 147-nji jaý («Merdana» binasy). Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 41 42 52, (+993 62) 90 00 69.

Bäsleşik 10:00-da başlanar, 9:00-dan 09:45-e çenli bäsleşige gatnaşyjylary resmileşdirmek işleri geçiriler. Ýeňijiler şol gün üç şertiň dowamynda gazanylan utuklaryň jemi esasynda saýlanylar.

Düzgünleri ýükläp alyň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň