Soňky habarlar

Arhiw

Astanadaky «Nur Alem» muzeýiniň binasynda Türkmenistanyň baýdagynyň reňkleri şöhlelendirildi

20:0828.09.2022
0
25597
Astanadaky «Nur Alem» muzeýiniň binasynda Türkmenistanyň baýdagynyň reňkleri şöhlelendirildi

27-nji sentýabrda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Astanadaky «Nur Alem» muzeýiniň binasynda Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň reňkleri şöhlelendirildi. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Şu ýol arkaly Astanada Türkmenistanyň raýatlaryny milli baýramçylyk — Garaşsyzlyk baýramy bilen gutladylar.

«Nur Alem» pawilýon-sferasy dünýädäki iň uly şar şekilindäki binadyr. Ol Gazagystanyň paýtagtynyň iň ajaýyp ýerlerinden biri hasaplanylýar. Belentligi 8 gatdan ybarat bolan «Nur Alem» Gazagystanda geljegiň energiýasynyň ilkinji tehnologiki muzeýidir.

«Nur Alem pawilýony» heniz EXPO-2017 sergisi açylmanka-da giň meşhurlyga eýe boldy. Ol adaty bolmadyk şar şekilindäki binagärlik keşbi sebäpli Astananyň sosial torlardaky «ýüzüne» öwrülen binalaryň biridir. Bu pawilýon-sfera bolan şeýle gyzyklanmanyň netijesinde «Nur Alem» EXPO-2017-de iň köp tomaşaçyny özüne çeken pawilýon bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň