Jeýms Kemeron «Awatar 2» filminiň ssenarisinden ýüz öwürdi

12:0524.09.2022
0
22279
Jeýms Kemeron «Awatar 2» filminiň ssenarisinden ýüz öwürdi
Surat: afisha.ru

Režissýor Jeýms Kemeron «Awatar 2» filminiň ssenarisiniň tutuş bir ýylyň dowamynda üstünde işländigini hem-de ahyrynda ondan ýüz öwrendigini gürrüň berdi. Bu barada «ScreenRant» neşirine salgylanyp, «Gazeta.ru» ýazýar.

«Awatar» başga, aňasty derejede işleýär. Men onuň dowamy üçin tutuş ssenariý ýazdym, soň okap, ýetmeli maksadyma barmandygyma düşündim. Onsoň täzeden ýazyp başladym» diýip, Kemeron düşündirdi.

Öň Jeýms Kemeron «Awatar: Suwuň ýoly» atly täze bölümiň ýordumyny öňünden çaklamagyň tomaşaçylara başartmajakdygyny aýdypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň