Turkmenportal logo
23.09.22
2675226752
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti Nýu-Ýorkda geçirilen «C5+1» duşuşygyna gatnaşdy
Surat: uzdaily.uz

Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 77-nji sessiýasynyň dowamynda ABŞ-nyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri we wekilleri duşuşyk geçirdiler. Onuň dowamynda sebitleýin hyzmatdaşlygy hem-de «C5+1» diplomatik platformasynyň çäginde gatnaşyklary dowam etmekligi ara alyp maslahatlaşdylar.


Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, 22-nji sentýabrda geçirilen duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasynda 30 ýylyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dowam edip gelýändigini hem-de BMG-niň düzgünnamasyny goldamaga ygrarlydyklaryny bellediler.


Diplomatlar 2015-nji ýyldan bäri «C5+1» formatyndaky üstünlikli hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda umumy maksatlara ýetmek hem-de özara gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen, «C5+1» Sekretariatynyň döredilendigi habar berildi.


Türkmen tarapy duşuşykda eden çykyşynda syýasy we durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen, özara maýa goýumlary, sebitleýin derejede gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, sosial we energetika taslamalaryny giňeltmäge mümkinçilik döredýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň wajyp ähmiýetini belläp geçdi.