«Iş nokady» we Aşgabatdaky ITEA sowatly programmistleri gözleýär

15:4123.09.2022
0
33997

«Iş nokady» kärhanasy we ITEA Halkara IT akademiýasynyň Aşgabatdaky bölümi diňe bir iş öwrenmek ýa-da bilimlerini kämilleşdirmek üçin däl-de, eýsem bilimlerini we tejribesini paýlaşmak maksady bilen sowatly programmist hünärmenleri gözleýär.

Dalaşgärlerden edilýän talaplar:

  • IT ulgamynda iş tejribesiniň bolmagy;
  • Detallara jogapkärçiligi we ünsliligi;
  • Mentorlyk ýa-da mugallymçylyk tejribesi, webinarlary guramak;
  • Bilimlerini paýlaşmaga we özüniň suhangöýlik tejribesini kämilleşdirmäge bolan islegi.

Hökmany ýerine ýetirmeli boljak işler:

  • Öwrenijiler bilen işjeň aragatnaşykda bolmak;
  • Okuw sapaklaryny tassyklanan meýilnama boýunça geçmek;
  • Okuw maksatnamasyna laýyklykda, okuw sapaklaryna gerekli bolan okuw materiallaryny taýýarlamak;
  • Öwrenijileri ýerlikli bahalandyrmak;
  • Okuwlaryň başyndan şahadatnama gowşurylýança topary alyp gitmek.

Kärhana bu işler babatda täsirli tabşyryklary, öwrenmek we öwretmek mümkinçiliklerini, amatly iş şertini, dostlukly iş toparyny we kanagatlandyrýan iş hakyny kepillendirýär.

Isleg bildirýänler arzalaryny iteahr.manager@gmail.com elektron poçta salgysyna iberip bilerler.

Ähli meseleler üçin telefon belgileri: (+993 12) 21-04-99.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň