Aşgabatda garba hindi tansynyň agşamy geçiriler

12:2723.09.2022
0
38570

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy aşgabatlylary we şäheriň myhmanlaryny 1-nji oktýabrda geçiriljek garba tansynyň agşamyna çagyrýar.

Garba Hindistanyň Güjerat welaýatyna mahsus gadymy we depginli tanslaryň biridir. Türkmen halkynyň küştdepdisi ýaly ol hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni miras sanawyna girizildi.

Agşama gatnaşyjylara bu tansyň we Hindi pelsepesiniň taryhy baradaky gyzykly maglumatlar hem berler.

Dabara gatnaşmak isleýänler şu salgy arkaly özüni bellige aldyrmaly. Çünki orunlar çäklidir.

Tans agşamy 1-nji oktýabr güni agşam sagat 19-da başlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň