Soňky habarlar

Arhiw

«Ussat kömekçi» kottejleriň ýaşaýjylaryna hojalyk zibillerini zyňmak boýunça hyzmatyny hödürleýär

09:1620.09.2022
0
22292

Ösüş we her bir müşderä ünsli çemeleşmek – «Ussat kömekçi» hususy kärhanasy – Aşgabatda gündelik zibilleri zyňmak hyzmatyny ýerine ýetirýän ýeke-täk kärhana şeýleräk iş syýasatyny alyp barýar.

Şäheriň ýaşaýjylary öýlerinden zibilleri zyňmagy «Ussat kömekçiniň» hünärmenlerine ynanmak bilen, öz wagtlaryny tygşytlaýarlar. Bu hyzmat şäherlilere örän ýarady, şonuň üçin köpler ony özleriniň garry ene-atalary, hereket mümkinçiligi çäkli garyndaşlary üçin, şeýle hem dostlaryna özboluşly sowgat hökmünde peýdalanýarlar.

«Ussat kömekçi» barha ösmek we hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek bilen, kottejleriň ýaşaýjylaryna bu mümkinçilikden peýdalanmagy teklip edýär.

Ýatlatsak, kompaniýa ähli isleg bildirýänlere 3 günüň dowamynda zibilleri zyňmak boýunça mugt synag hyzmatyndan peýdalanmaga mümkinçilik döredýär, şonuň bilen bir hatarda, zibil üçin mugt polietilen torbalary berýär.

Zibilleri zyňmak hyzmaty barada gyzyklandyrýan sowallaryňyz üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň ediň:

  • (+993 62) 14 70 12, (+993 61) 28 47 66, (+993 65) 41 53 89.

Şeýle hem hyzmat üçin sosial ulgamlar arkaly ýüz tutup bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň