Top.Mail.Ru

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Ahaldaky stadionyň gurluşygyna baryp gördi

12:4819.09.2022
0
27275

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň 10 müň orunlyk stadionyna bardy we bu ýerde gurulýan desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de gurluşykda ulanylýan serişdeleriň hili bilen tanyşdy.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdiler.

Stadionyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler bilen tanşyp, Gurbanguly Berdimuhamedow sport desgalarynyň bu ugra degişli binalara bildirilýän ähli talaplara doly laýyk gelmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy stadionyň çäginde döredilýän şertler, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşlygyň dowamynda toplumyň trenažýor zalyna baryp gördi we bölümiň enjamlarynda birnäçe maşklary ýerine ýetirdi, olaryň köpüsiniň dürli ýaşdaky adamlar, aýratyn-da, çapyksuwarlardyr atbakarlar üçin ähmiýetlidigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň