Adaty gapy tutawajyny iň oňaýly derejede aýlamak usuly ýapon professory Gen Masudzakiniň ýolbaşçylygyndaky toparyň geçiren ylmy-barlaglarynyň özenini düzdi, hernä olaryň yhlasy boş geçmedi: manysyz ylmy-barlaglar üçin gowşurylýan satiriki baýrak bolan Şnobel baýragyna mynasyp görüldi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
«The Guardian» gazetiniň ýazmagyna görä, barlaghana şertlerinde geçirilen birgiden synaglardan soňra ýapon senagat dizaýnerleriniň topary gapy tutawajy näçe uly boldugyça, ony aýlamak üçin şonça-da kän barmagyň gerek bolýandygy barada netijä geldiler.
Indi bu topar Şnobel baýragynyň 10 sany eýeleriniň sanawyna girdi. Şnobel baýragynyň resmi saýtynda: «Baýrak sizi ilki gülmäge mejbur edýän, soňra pikirlenmäge iterýän ylmy-barlaglar üçin gowşurylýar» diýlip aýdylýar.
Täze eýeleriň arasynda fizika ugry boýunça ördekleriň nämüçin hatara düzülip ýüzýändikleriniň, ykdysadyýet boýunça nämüçin üstünligiň köplenç zehinli adamlara däl-de, işi şowly adamlara miýesser edýändiginiň matematiki düşündirişi üçin mynasyp bolanlar bar. Alymlaryň halkara topary bolsa, gybatçylara kimiň dogry sözleýändigini, kimiň ýalan sözleýändigini anyklamaga kömek berýän algoritmi işläp düzendikleri üçin baýraga mynasyp görüldi.
Tehniki howpsuzlyk ulgamynda baýragy şwed inženeri Magnus Gens awtoulaglaryň loh (deresygyrlar maşgalasyndan bolan ýasy şahly uly haýwan) bilen çaknyşygynyň netijelerini öwrenmek boýunça ýasan ýörite gabi üçin aldy. Käbir ýurtlarda lohlar seýrek ýola çykýarlar, şonuň üçin haýsy şertlerde çaknyşygyň bu haýwanlar we sürüjiler üçin has howply bolup biljekdigini bilmek hökmandyr.
Ýeňijilere ýüzüne üç ölçegdäki adamyň dişleri şekilendirilen hyrly çarh we Zimbabweniň 10 trillion dollary möçberindäki pul sylagy gowşuryldy. Nobel baýragynyň hakyky eýeleriniň sekizisi bolsa, ol baýraklary deň-derman paýlamaly edildi.
Tutawaç bilen bagly ylmy-barlaglary alyp baran professor Gen Masudzaki özleriniň hiç kimi biynjalyk etmeýän meselä ünsi çekendikleri üçin baýraga mynasyp bolandyklaryny nygtaýar.
Şnobel baýragynyň 32-nji gezek gowşurylyş dabarasy onlaýn görnüşde geçirildi, ol baýragyň saýtynda görkezildi.
