Bütindünýä antidoping gullugy (WADA) marihuan serişdesiniň gadagan edilen dermanlaryň sanawyndan aýrylmagy barada beýanat berdi. Bu barada «The Wall Street Journal» neşiri habar berýär.
Gurama 2023-nji ýylda gadagan edilen maddalaryň täzelenen sanawyny düýpli gözden geçirýär. Munuň sebäbi Tokio Olimpiýa oýunlarynyň milli saýlama ýaryşlary mahalynda hut şu serişdäni ulanan we bir aýlap sportdan çetleşdirilen amerikaly ýeňil atletikaçy Ş'Karri Riçardsonyň ýagdaýy baradaky çekişme boldy.
Şu çetleşdirme sebäpli Riçardson Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp bilmedi.
Soňra käbir hünärmenler we türgenler bu maddanyň gadagan edilmegini ýerliksiz hasapladylar. Riçardsonyň özi ejesi aradan çykandan soň kyn psihologiki ýagdaýy sebäpli serişdddäni ulanandygyny aýtdy.
WADA 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda gadagan edilen sanawdan marihuanyi aýyrmagy göz öňünde tutdy. Agentlik bu mesele boýunça ylmy gözleg geçirdi.