Arhiw

iOS 16 indi Türkmenistanda hem elýeterli

23:4412.09.2022
0
32046

Şu gün Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da «Apple»-iň iOS ykjam operasiýa ulgamynyň 16-njy tapgyry türkmenistanly ulanyjylar üçin elýeterli edildi. Täzelenmäni talaba laýyk gelýän enjamlaryň ählisinde göçürip alyp bolýar. Has takygy, ol iPhone 8 we ondan soňky modelleriň ählisi üçin niýetlenendir.

Täzelenmäniň telefonyňyza gelendigini «Sazlamalar» ➟ «Umumy» ➟ «Programma üpjünçiligini täzelemek» yzygiderliligi boýunça barlap bilersiňiz. Täzelenme bar bolsa, göçürip alyň. Ýok bolsa-da, soňrak geler.

iOS 16 operasiýa ulgamy WWDC-de 2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda yglan edildi. Ilkinji köpçülikleýin beta görnüşi bolsa 2022-nji ýylyň 11-nji iýulynda çykdy.

iOS 16 täze şriftler, reňkler we gurallar, täzelenen habarnamalar ulgamy, iMessage tekstini ibereniňizden soň redaktirlemek ukyby we beýleki täzelikler bilen gulp ekrany üçin has özleşdirme opsiýalaryny hödürleýär. Ähli üýtgeşmeler hakda aýratyn makalada okap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň