Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyplar Halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin Soçä gider

16:4412.09.2022
0
46148

10 adamdan ybarat milli talyplar topary Soçidäki «Sirius» ylym merkezinde geçiriljek Halkara maliýe howpsuzlygy olimpiadasynyň finalynda Türkmenistana wekilçilik eder.

Olimpiada Federal maliýe gözegçilik gullugy, Bilim ministrligi we Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrligi tarapyndan geçirilýär. Olimpiadanyň jemleýji tapgyry 10 — 14-nji oktýabr aralygynda bolar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň milli topary ýurduň 5 ýokary okuw mekdebiň — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryndan düzüler

Olimpiadanyň jemleýji tapgyrynyň maksatnamasy bilim, medeni we sport çärelerini öz içine alýar.

Olimpiada Russiýadan, Türkmenistandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan wekiller gatnaşarlar. Olimpiadanyň resmi dilleri rus we iňlis bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň