Futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän ýeri bolan Doha şäherine iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen duşuşdy.
Ikitaraplaýyn geçirilen gepleşigiň dowamynda taraplar ýurdumyzda futboly ösdürmek babatynda pikir alyşdylar.
Duşuşygyň dowamynda FIFA-nyň prezidenti Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna dünýä çempionaty – 2022-niň resmi topuny sowgat berdi. Şeýle-de, ol türkmen futbolunyň pajarlap ösmegini arzuw edip, golaý geljekde Türkmenistana iş sapary bilen gelmekçidigini aýdyp geçdi. Bu barada TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.
Ýeri gelende bellesek, J.Infantino Arslan Aýnazarowy şu ýylyň 20-nji noýabrynda geçiriljek dünýä çempionatynyň açylyş oýnuna tomaşa etmäge çagyrdy. Kataryň El-Haur şäheriniň «Al-Beýt» stadionynda geçiriljek açylyş oýnunda Kataryň hem-de Ekwadoryň milli ýygyndylarynyň duşuşýandyklaryny ýatladýarys.
A.Aýnazarow öz gezeginde FIFA-nyň prezidentine ýokary derejede kabul edendigine minnetdarlyk bildirip, gelejekde FIFA bilen Türkmenistanda futboly ösdürmekde hyzmatdaşlygy saklajadyklaryny aýdyp geçdi.
Şeýle-de, A.Aýnazarow hormatly prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde futbola hem ýokary derejede üns berilýändigini belläp geçdi.
Ýeri gelende bellesek, 1992-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 1994-nji ýylda FIFA agza hökmünde kabul edildi.