Top.Mail.Ru

Arhiw

«Türkmengaz» BAE-niň kompaniýasyndan kompressorlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn alar

16:1803.09.2022
0
20656

Wise-premýer Ş.Abdrahmanow Hökümetiň düýn geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna «Türkmengaz» döwlet konsernini zerur enjamlar bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. «Döwletabatgazçykaryş» hem-de «Lebapgazçykaryş» müdirlikleriniň önümçilik desgalarynyň birnäçesinde könelişen we hatardan çykan enjamlary çalyşmak, abatlaýyş işlerini geçirmek üçin degişli enjamlary satyn almak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň kompressorlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň durnukly we netijeli işlemeginiň düzümiň hem-de önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, netijeli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen gönüden-göni baglydygyny belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamany talabalaýyk ýerine ýetirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.

Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine kompressorlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň «Pioneer House General Trading L.L.C» kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň