Türkmenistan Pakistana ynsanperwerlik kömegini iberer, «Wozroždeniýe» Aşgabatdaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini döwrebaplaşdyrar, «Gyzykly gezelenç» gepleşiginiň täze sany köpçülige ýetirildi

11:0903.09.2022
0
24483

1. Türkmenistan köp sanly adam pidalaryna getiren güýçli ýagyş sebäpli ejir çeken Pakistanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini berer. BMG-niň maglumatlaryna görä, suw joşmasy sebäpli Pakistanda 1100-den gowrak adam ýogaldy, 1600-den gowrak adam şikes aldy. 300 müňden gowrak öý weýran bolup, ýene 650 müňe golaýyna zeper ýetdi.

2. Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde metjit gurlar. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti metjidiň taslamasyny düzmek hem-de gurmak, şeýle-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça halkara bäsleşigini yglan etdi.

3. Russiýanyň «Wozroždeniýe» kompaniýasy Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň durkuny döwrebap derejede täzelär we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işlerini alyp barar. Gurluşyk işleri 2022-nji ýylyň sentýabrynda başlanar. Desga 2024-nji ýylyň maýynda dolulygyna ulanyşa berler.

4. Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Ekin meýdany jemi 690 müň gektar ýeri eýeleýär, ondan 2023-nji ýylda 1 million 400 müň tonna hasyl almak maksat edinilýär.

5. «Turkmenportal» saýtynda öwrediji «Gyzykly gezelenç» atly telegepleşigiň nobatdaky sany köpçülige ýetirildi. Täze sanda alypbaryjy Ýunus Allanazarow Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy barada gürrüň berýär.

6. Hytaýda kosmosda energiýa öndürmäge niýetlenen ýadro reaktory üstünlikli synagdan geçirildi. Ol kosmos gämisini energiýa bilen üpjün etmek we herekete getirmek, şeýle-de ýerden daşky giňişlikde hereket etmek üçin ulanylar.

7. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurtda nobatdan daşary prezident we parlament saýlawlarynyň geçiriljekdigini, şeýle-de prezidentlik möhletiniň 1 gezege çenli azaldyljakdygyny yglan etdi. Tokaýewiň bellemegine görä, wagtyndan öň prezident saýlawlary 2022-nji ýylyň güýzünde, parlament saýlawlary bolsa 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda geçiriler.

8. Amerikan alymlary ömri uzaldýan içgi barada maglumat berdiler. Görlüp oturylsa, iň ýönekeý we gündelik sarp edýän içgilerimiz hem saglygy berkitmäge ýardam edýän eken. ABŞ-niň Milli saglygy goraýyş institutynyň hünärmenleri günde iki we ondan köp bulgur çaý içýän adamlaryň islendik sebäp bilen ýogalmak howpunyň ony asla içmeýänlere garanyňda, 10% azdygyny ýüze çykardylar.

9. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň Kubogynyň (U-20) saýlama bäsleşigine taýýarlyk görmek üçin Aşgabatdan Dubaýa okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gitdi. Ýygnanyşyk 7-nji sentýabra çenli dowam eder. Baş tälimçi Seýit Seýidowyň ýolbaşçylygynda ýaşlar ýygynydymyz iki sany dostluk duşuşygyny geçirer.

10. Aşgabadyň awtoýollarynda geçirilen şosse welosiped ýaryşy boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Dört günüň dowamynda 50-den gowrak türgen çempion adyna eýe bolmak üçin göreşdiler. Erkekleriň arasynda 25 kilometr aralyk boýunça ýekeleýin ýaryşda Mahmyt Aşyrow ýeňiji boldy. Zenanlaryň arasynda 15 kilometr aralykda bolsa iň gowy netijäni Zöhre Gurbanmyradowa görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň