ABŞ-nyň Milli saglygy goraýyş institutynyň alymlary britan biobankynyň soňky 11 ýyldaky 40-69 ýaş aralygyndaky 500 müň adam barada maglumatlaryny öwrendiler. Olaryň 85 göterimi çaý, şunda olaryň hem 89 göterimi gara çaý içýän ekenler diýip, «The Guardian» ýazýar diýip, «Mail.ru» habar berýär.
Netijede, günde iki käseden köp çaý içenlerde islendik sebäpden ölüm howpunyň asla çaý içmeýän adamlar bilen deňeşdirilende, 9-13 göterim pesdigi anyklandy. Şunda çaýa süýt we şeker goşup-goşmazlygyň hiç hili täsiri ýok.
Içginiň temperaturasydyr adam bedeninde madda çalşygynyň aýratynlygy hem bu ýagdaýa hiç hili ýaramaz täsir etmeýär. Barlagyň eýeleriniň aýtmagyna görä, çaýyň düzüminde sowuklamany we okislenme stresini aýyrýan, şeýle-de damarlary berkidiji hem-de bedeniň kuwwatyny goldaýjy maddalar bar. Barlagyň netijeleri «Annals of Internal Medicine» žurnalynda çap edildi.