Türkmenistanda ýaş hünärmenleriň girdeji salgydy 50 göterime çenli ýeňilleşdirildi

11:1102.09.2022
0
21454

Türkmenistanda bilim edarasyny tamamlap, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydy ýeňilleşdiriler. Giriziljek ýeňillikler «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenildi.

Kanunyň 32-nji maddasynda nygtalyşy ýaly, ýaş hünärmenleriň girdeji salgydy zähmet döwrüniň 1-nji ýylynda 50, 2-nji we 3-nji ýyllarynda 25 göterim ýeňilleşdiriler. Bu tölegleriň tertibi Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda kesgitleniler.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine Prezident Serdar Berdimuhamedow 1-nji sentýabrda gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň