Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat işleriniň gerimi giňeldiler

08:3602.09.2022
0
14087

Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esaslanýan ýörelgeleriniň hataryna Watana bolan söýgini, milli buýsanjy kemala getirmek üçin milli ýörelgelere laýyk gelýän, terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat işleriniň geriminiň giňeldilmegi hem goşuldy.

Bu barada «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde nygtalýar. Üýtgeşme Kanunyň 4-nji maddasyna goşuldy.

Kanunyň rejelenen görnüşine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň