Türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow Kant şäheriniň «Abdyş-Ata» futbol toparynyň düzüminde Gyrgyzystanyň kubogyna mynasyp boldy.
Ýurduň kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy «Abdyş-Ata» bilen Koçkor-Ata şäheriniň «Neftçi» futbol toparynyň arasynda geçirildi. Bişkek şäherinde bolan duşuşyk «Abdyş-Atanyň» 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeke-täk pökgini 26-njy minutda Ataý Jumaşew geçirdi. Duşuşygyň tutuş dowamynda ýeňiji toparyň derwezesini türkmenistanly derwezeçi gorady.
Şeýlelikde, «Abdyş-Ata» taryhynda bäşinji gezek Gyrgyzystanyň kubogyna mynasyp boldy. Bu ýeňiş topara taryhda ilkinji gezek AFK-nyň kubogyna gatnaşmaga mümkinçilik berer.
26 ýaşly Rahat Japarow karýerasynda ilkinji gezek kubok ýaryşynda ýeňiş gazandy. Ol «Abdyş-Atanyň» düzümine 2022-nji ýylyň ýanwarynda goşuldy.