Ispaniýanyň Žiron ülkesinde towuk ýumurtgasynyň ululygynda ýagan dolydan ejir çekenleriň sany 50-ä ýetdi. Bu barada düýn sebitiň «Pais» neşiri habar berdi diýip, «Izwestiýa» ýazýar.
Ähli ejir çekenlere lukmançylyk kömegi gerek boldy, olaryň köpüsi kelleçanak-beýni şikesini aldy. Bir ýarym ýaşly gyzjagazyň heläk bolandygy aýdylýar.
Şeýle uly möçberde doly ýagmagy Kataloniýada 2002-nji ýylda hasaba alnypdy.