Soňky habarlar

Arhiw

Klopp alty sany tälimçini işden kowdurdy

19:0230.08.2022
0
9338

«Bornmut» toparynyň baş tälimçisi Skott Parker Ýurgen Kloppyň altynjy pidasyna öwrüldi. Has takygy, Parker Ýurgeniň baş tälimçiligindäki «Liwerpuldan» kabul edilen ýeňlişiň yzysüre işinden boşadyldy. Ol Klopp «Liwerpula» geleli bäri Ýurgen sebäpli işden kowulan APL-daky altynjy hünärmen boldy. Mundan ozal Françesko Gwidolin («Suonsi», 2016ý.), Slawen Biliç («West Hem», 2017ý.), Slawişa Ýokanowiç («Fulhem», 2018ý.), Žoze Mourinýo («Mançester Ýunaýted», 2018ý.) we Marko Silwa («Ewerton», 2019ý.) dagy şeýle kysmata sezewar bolupdylar.

Maglumat üçin, 41 ýaşly Skott Parker 2021-nji ýylyň iýul aýyndan bäri «Bornmuta» tälim berip gelýärdi. Topar onuň golastynda geçen möwsümde Çempionşipde ikinji orny eýeläp, premýer-liga dolandy. Ol APL-yň üçünji tapgyryndan orun alan «Liwerpul» bilen oýunda toparynyň 9:0 hasabynda ýeňlişe sezewar bolandygy sebäpli, wezipesinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň