Soňky habarlar

Arhiw

Ogluna birbada 16 at dakdy

14:1430.08.2022
0
13443

Beýik Britaniýada ýaşaýan ýigit sosial ulgamdaky sahypasynda özüniň tutuş 16 adynyň bardygyny habar berdi. Ýagny «Arsenal» futbol toparynyň janköýeri bolan ejesi 1989-njy ýylda dünýä inen ogluna bütin toparyň agzalarynyň atlaryndan ybarat bolan at dakmak isläpdir.

Şunlukda, ýaş ýigidiň doly ady ähli oýunçylaryň atlaryny sanamak bilen şeýledir: Kewin Jorj Grem Jon Li Naýjel Maýkl Stefan Toni Dewid Pol Alan Breýn Martin Perri Smiter. Bu barada «Gazet.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň