Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hemra Sapargylyjewiç Amannazarow, şol bir wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Hemişelik wekili; BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili; Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň baştutany; Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnama Guramasynyň (Wena şäheri, Awstriýa Respublikasy) taýýarlaýyş toparynyň ýanyndaky wekili; Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipelerine bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Soňky habarlar
Arhiw
Hemra Amannazarow BMG-niň Wenadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Hemişelik wekili edilip bellenildi
22:4526.08.2022
0
25594
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň