Top.Mail.Ru

Arhiw

Teýlor Swiftiň aýdymlary uniwersitetde öwreniler

17:1026.08.2022
0
21878
Teýlor Swiftiň aýdymlary uniwersitetde öwreniler
Surat: Zuma\TASS

Ostindäki Tehas uniwersiteti amerikaly aýdymçy zenan Teýlor Swiftiň aýdymlarynyň sözlerini öwrenmek boýunça ders açdy diýip, «Page Six» portaly habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Dersi iňlis dili we edebiýaty professory Elizabet Skala alyp barar. Resmi taýdan ol «Edebi jedeller we kontekstler: Teýlor Swiftiň aýdymlarynyň kitaby» diýlip atlandyrylar.

Aýdymçynyň sözleriniň iňlis edebiýatynyň nusgawy wekilleri Jeffri Çoseriň we Uilýam Şekspiriň, «Köl mekdebi» diýlip atlandyrylýan edebi ugruň wekili Semýuel Kolrižiň, şeýle hem amerikan ýazyjysy Robert Frostuň eserleri bilen bir hatarda öwreniljekdigi täsindir.

Professor Elizawet Skala aýdymçy Teýlor Swiftiň örän gyzykly we çuň manyly şygyrlarynyň bardygyny hem-de olar talyplar tarapyndan öwrenilmäge mynasypdygyny aýdýar. Ol aýdymçynyň döredijiligi bilen onuň aýdymlarynyň muşdagy bolan gyzynyň kömegi bilen tanşandygyny gürrüň berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň